Şu Ulanyjy ylalaşygy (mundan beýläk — Ylalaşyk) turkmentelegraf.com saýtynyň we Turkmen Telegraf mobil goşundysynyň eýesi (mundan beýläk — Turkmen Telegraf ýa-da Dolandyryjy) bilen saýtyň ulanyjysynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Turkmen Telegraf saýty we mobil goşundysy köpçülikleýin habar beriş serişdesi (KHBS) däldir. Saýty we mobil goşundyny ulanmak bilen, Siz şu ylalaşygyň şertlerine razy bolýarsyňyz. Eger Siz şu ylalaşygyň şertlerine razy däl bolsaňyz, Turkmen Telegraf saýtyny we mobil goşundysyny ulanmaň!
Bellik: Turkmen Telegraf mobil goşundysy ulanyjynyň saýtda ýa-da mobil goşundyda hasaba durmagy arkaly onuň şahsy maglumatlaryna — telefon belgisine, elektron poçtasyna, F.A.A (familiýasyna, adyna, atasynyň adyna) — şeýle hem saýtda ýa-da mobil goşundyda kartalary ulananda ýer maglumatlaryna (geomaglumatlara) elýeterlilik alýar. Bu şahsy we gizlin maglumatlar hiç kime berilmeýär we ulanyjy öz profilini pozýança ýa-da mobil goşundyny ulanmagyň kadalaryny bozýança saklanýar.
Ylalaşygyň predmeti
Dolandyryş ulanyja saýtda aşakdaky maglumatlary ýerleşdirmäge hukuk berýär:
- Tekst maglumatlary
- Foto materiallar
- Beýleki saýtlarda ýerleşdirilen materiallara salgylanmalar
Taraplaryň hukuklary we borçlary
Ulanyjynyň hukugy bar:
- saýtda we mobil goşundyda maglumat gözlemäge.
- saýtda we mobil goşundyda maglumat almaga.
- saýtda we mobil goşundyda maglumat döretmäge.
- saýtda we mobil goşundyda maglumat ýaýratmaga.
- ulanyjylaryň reýtingini üýtgetmäge.
- Dolandyryşyň rugsady bilen saýtyň maglumatyny täjirçilik maksatlary üçin ulanmaga.
- islendik wagt «Sazlamalar» menýusyndaky «Profil» bölümi arkaly öz hasabyny pozmaga.
- «Sazlamalar» menýusyndaky «Meniň yglanlarym» bölümi arkaly yglanlary goşmaga, üýtgetmäge we pozmaga.
Dolandyryşyň hukugy bar:
- öz garaýşy we zerurlygy boýunça kadalary döretmäge, üýtgetmäge, ýatyrmaga.
- saýtdaky islendik maglumata elýeterliligi çäklendirmäge.
- maglumaty döretmäge, üýtgetmäge, pozmaga.
- hasaba alyş ýazgylaryny pozmaga.
- sebäbini düşündirmezden hasaba durmakdan ýüz döndermäge.
Ulanyjy borçly:
- berýän maglumatynyň dogrulygyny üpjün etmäge.
- şahsy maglumatlaryň üçünji taraplaryň elýeterliliginden goragyny üpjün etmäge.
- hasaba durlanda berlen Şahsy maglumatlary üýtgände täzelemäge.
- uruş wagyzyny, milli, rasa ýa-da dini ýigrenç we duşmançylygy oýarmaga gönükdirilen maglumaty, şeýle hem ýaýradylmagy üçin jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçilik göz öňünde tutulýan beýleki maglumaty ýaýratmazlyga.
- saýtyň we mobil goşundynyň işleýşini bozmazlyga.
- beýleki Ulanyjylary aldamaga gönükdirilen hereketleri etmezlige.
- mahabat, erotik, pornografik ýa-da kemsidiji häsiýetli materiallary, şeýle hem Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň kadalaryna garşy gelýän ýa-da gadagan edilen beýleki maglumaty ýerleşdirmezlige.
- Saýt we Mobil goşundy hem-de olaryň Hyzmatlary bilen özara täsirleşmek we/ýa-da awtomatlaşdyrylan maglumat ýygnamak üçin skriptleri (programmalary) ulanmazlyga.
Dolandyryş borçly:
- Dolandyryşa bagly bolmadyk ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda saýtyň we mobil goşundynyň işleýşini üpjün etmäge.
- Ulanyjynyň hasaba alyş ýazgysynyň köptaraplaýyn goragyny amala aşyrmaga.
- kanunda bellenen ýagdaýlarda döwlet häkimiýet edaralaryna Ulanyjy hakynda bar bolan ähli maglumaty bermäge.
Taraplaryň jogapkärçiligi
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, «Ulanyjy» Türkmenistanyň Prezidentine kemsitme we töhmet salýan, konstitusion gurluşy güýç, uruş, zorluk we rehimsizlik bilen üýtgetmäge çagyryş edýän, milli we dini duşmançylygy hem-de dawa-jenjeli döredýän maglumatlary ýerleşdirmek üçin jogapkärdir.
- ulanyjy ýaýradýan maglumaty üçin şahsy taýdan doly jogapkärçilik çekýär.
- dolandyryş beýleki çeşmelerden göçürilen maglumatyň dogrulygy üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
- dolandyryş Ulanyjynyň garaşýan we hakykatda alan hyzmatlarynyň gabat gelmezligi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
- dolandyryş üçünji taraplar tarapyndan berilýän hyzmatlar üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
- güýç bilen bagly ýagdaýlar (harby hereketler, adatdan daşary ýagdaý, tebigy betbagtçylyk we ş.m.) ýüze çykan halatynda Dolandyryş Ulanyjy tarapyndan ýerleşdirilen maglumatyň saklanjagyna, şeýle hem maglumat serişdesiniň bökdençsiz işlejegine kepil geçmeýär.
Ylalaşygyň hereket etmeginiň şertleri
Şu Ylalaşyk saýtda ýa-da mobil goşundyda hasaba durlanda güýje girýär. Ylalaşyk onuň täze wersiýasy peýda bolanda öz güýjüni ýitirýär.
Dolandyryş şu ylalaşygy öz garaýşy boýunça birtaraplaýyn üýtgetmäge hukugyny özünde saklaýar. Ylalaşyk üýtgedilende, käbir ýagdaýlarda, dolandyryş ulanyjylara özi üçin amatly usul bilen habar berip biler.
Soraglaryňyz ýa-da teklipleriňiz ýüze çykan halatynda biziň bilen aşakdaky kontaktlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: Tehniki goldaw gullugy: + (993) 12 43 85 06
Elektron poçta - turkmentelegrafmedia@gmail.com