Şu Ulanyjy Şertnamasy (Mundan beýläk Şertnama) bir tarapdan eýesi turkmentelegraf.com saýtynyň we Turkmen Telegraf mobil programmasyň (mundan beýläk Turkmen Telegraf ýa-da Administrasiýa), beýleki tarapdan bolsa saýtyň ulanyjysynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Turkmen Telegraf saýty we mobil programma köpçülikleýin habar beriş serişdesi däldir.
Saýty we mobil programmany ulanmak bilen, Siz şu Şertnamanyň şertlerine razy bolýarsyňyz.
Eger Siz şu Şertnamanyň şertleri bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, Turkmen Telegraf saýtyny we mobil programmasyny ulanmaň!
*Bellik: biziň Turkmen Telegraf mobil programmamyzy ulanyjynyň şahsy maglumatlaryna, ýagny telefon belgisina we AAD-yna, mobil programmada hasaba alynmagyň üsti bilen elýeterlilik alýar; bu şahsy we ynanylan maglumatlar hiç kime berilmeýär we ulanyjy öz profilini pozuňça ýa-da mobil programmanyň ulanyş düzgünlerini bozuňça saklanylýar.
Şertnamanyň mowzugy.
Administrasiýa ulanyja saýtda aşakdaky maglumaty ýerleşdirmäge hukugyny berýär:
- Tekst maglumaty
- Surat materiallary
- Beýleki saýtlarda ýerleşdirilen materiallara çykgytlar
Taraplaryň hukuklary we borçlary.
Ulanyjynyň hukugy bar:
- saýtda we mobil programmada maglumat gözlemäge.
- saýtda we mobil programmada maglumat almaga.
- saýtda we mobil programmada maglumat döretmäge.
- saýtda we mobil programmada maglumat ýaýratmaga.
- ulanyjylaryň reýtingini üýtgetmäge.
- Administrasiýanyň rugsady bilen saýtyň maglumatyny täjirçilik maksatlary üçin ulanmaga.
- öz hasabyny islendik wagtda «Sazlamalar» menýusyndaky «Profil» goşundyşyň üsti bilen pozmaga.
- «Sazlamalar» menýusyndaky «Meniň bildirişlerim» goşundyşyň üsti bilen bildirişleri goşmaga, redaktirlemäge we pozmaga.
Administrasiýanyň hukugy bar:
- öz islegi we zerurlygy boýunça düzgünleri döretmäge, üýtgetmäge ýa-da ýatyrmaga.
- saýtdaky islendik maglumata elýeterliligi çäklendirmäge.
- maglumat döretmäge, üýtgetmäge, pozmaga.
- hasaplary pozmaga.
- sebäplerini düşündirmezden hasaba almagy ret etmäge.
Ulanyjy borçlanýar:
- berilýän maglumatyň dogrulygyny üpjün etmäge.
- şahsy maglumatlaryň üçünji taraplaryň elýeterliginden goralmagyny üpjün etmäge.
- hasaba alynanda berlen Şahsy maglumatlar üýtgän ýagdaýynda olary täzelemäge.
- urşuň wagyz edilmegine, milli, jynsy ýa-da dini ýigrenç we duşmançylygyň öjükdirilmegine gönükdirilen maglumaty, şeýle hem ýaýradylmagy üçin jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçilik göz öňünde tutulýan beýleki maglumaty ýaýratmazlyga.
- saýtyň we mobil programmanyň işleýşini bozmazlyga.
- beýleki Ulanyjylary ýalňyşdyrmaga gönükdirilen hereketleri etmezlige.
- mahabat, erotiki, pornografiki ýa-da kemsitiji häsiýetli materiallary, şeýle hem ýerleşdirilmegi gadagan edilen ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň kadalaryna garşy gelýän beýleki maglumaty ýerleşdirmezlige.
- awtomatlaşdyrylan maglumat ýygnamak we/ýa-da Saýt we Mobil programma hem-de olaryň Serwisleri bilen özara täsir etmek üçin skriptleri (programmalary) ulanmazlyga
Administrasiýa borçlanýar:
- Administrasiýadan garaşsyz sebäpler bilen mümkin bolmadyk ýagdaýlardan başga, saýtyň we mobil programmanyň işleýşini goldamaga.
- Ulanyjynyň hasabynyň giňişleýin goragyny amala aşyrmaga
- kanun bilen bellenen ýagdaýlarda ygtyýarly döwlet häkimiýet organlaryna Ulanyjy barada elýeterli ähli maglumaty bermäge
Taraplaryň jogapkärçiligi.
- Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, «Ulanyjy» Türkmenistanyň Prezidentine garşy kemsitmeleri we töhmetleri, Konstitusiýa gurluşyny güýç bilen üýtgetmäge, urşa, zorluga we rehimsizlige, milli we dini duşmançylyga we dargynlyga çagyryşlary özünde saklaýan maglumaty ýerleşdirmek üçin jogapkärçilik çekýär.
- ulanyjy ýaýradýan maglumaty üçin şahsy doly jogapkärçilik çekýär.
- administrasiýa beýleki çeşmelerden göçürilen maglumatyň dogrulygy üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
- administrasiýa Ulanyjynyň garaşýan hyzmatlary bilen hakykatda alnan hyzmatlaryň gabat gelmezligi üçin jogapkärçilik çekmeýär.
- administrasiýa üçünji taraplaryň berýän hyzmatlary üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
- fors-mažor ýagdaýy ýüze çykan mahalynda (söweş hereketleri, adatdan daşary ýagdaý, tebigy betbagtçylyk we ş.m.) Administrasiýa Ulanyjy tarapyndan ýerleşdirilen maglumatyň saklanmagyny, şeýle hem maglumat resursynyň bökdençsiz işlemegini kepillendirmeýär.
Şertnamanyň hereket şertleri.
Şu Şertnama saýtda ýa-da mobil programmada hasaba alynanda güýje girýär. Şertnama onuň täze wersiýasy peýda bolanda güýjüni ýitirýär.
Administrasiýa şu Şertnamany öz islegi boýunça birtaraplaýyn üýtgetmäge hukukyny saklaýar. Şertnama üýtgedilende, käbir ýagdaýlarda administrasiýa ulanyjylary özüne amatly usul bilen habar berip biler.
*Soraglaryňyz ýa-da teklibiňiz bolsa, aşakdaky aragatnaşyk maglumatlary boýunça bize ýüz tutup bilersiňiz:
Tehniki goldaw gullugy: + (993) 12 43 85 06
Elektron poçta - turkmentelegrafmedia@gmail.com